Türkmenleriñ gozgalañ basyp ýatyrmakda

ýakasyny tanadan Gen. Madritovyñ Etrek-Gürgen ýörişi

 

      1916-nji ýylyñ 25-nji iýunynda fronta adam ýygnamak boýunça patyşanyñ gysyşy hasam artip ugraýar. Zakaspiniñ paýyna 15 müñ adamynyñ düşýändigini Daşkent habar berýär. Türkmenler urşa ýekeje-de adam bermejekdiklerini aýdyp, açykdan-açyk, patyşanyñ emeldarlaryna garşy baş göterýärler. 1916-njy ýylyñ august aýyndan başlap Etrekde ýaşaýan orsýet raýaty çarwa Türkmenler Gürgene göçýärler. Maksudlunyñ habar bermegine görä Güren (häzirki Kümmetgowuz) bilen Seññersowadyñ arasyna 1600 öýli Türkmen göçüp gelipdir. Çekişlerde, Gurban göz grawul hanasyny basyp alan Türkmenler 2 esgeri öldürip, 3-isini ýaralaýarlar. Çat-daky Ýomutlar ol ýerden geçýäñ Astrabat-Aşgabat telegeraf simlerini goparyp, dikilen direkleri ýykýarlar. Gozgalañ has möç alan wagtynda ýene köp sany Türkmen Gürgene göçüp gelýär. Şagadamdan 2000 müñden gowrak öý, Gürgene göçürilýär.

    1-nji jahan urşunyñ bir tarapynda Almanlar bilen Osmanly döwleti birleşip, Ruslara garşy söweşýärdiler. Osmanly halyfaty, musulmanlary birleşige we olary kapyrlaryñ garşysyna urşmaga çagyrş edýärdi. Şeýle propagandanyñ uwjy Türkmen topragyna-da gelip ýetýär. Esasan İstanbulda ýokary harby bilim alan we ýokary çine/derejä eýe bolan Nurberdi hanyñ agtygy-Dykma serdaryñ ogly Oraz serdar, Seýitmyrat Öwezbaý we Hajymyrat ýaly ofisserler Orsýet patyşasynyñ gullugynda bolsalar-da olar Türkleriñ we Almanlaryñ hemaýatyna bil baglap, garaşsyz Türkmen döwletini döretmäge syýnanşýardylar.

    Gürgene göçüp baran Türkmenleriñ arasynda 1916-njy ýylyñ sentýabrynda Orsýet patyşasyna garşy gozgalañ başlanýar, bu hereketlere Babagylyç, Mergen arçyn dagy ýolbaşçylyk edýär. Gürgeniñ hasylly topragyna 1913-nji ýyldan başlap ýedi müñ töweregi rus işçileri-Malaganlar göçürlip getirilip, gowý ýerlerde ýerleşdirlipdi. Olaryñ arasynda Koçilan ýaly ermi, Omçaly, Başýuska, Garasu obalarynda Türkmenleriñ ekeran ýerlerini almakda ýakalaryny tanadypdy, olara Orsýetiñ Astrabatdaky konsuly berk goldaw berýärdi. Dörän ýagdaýdan peýdalanyp, Gürgen Türkmenleri, Etrekden göçüp gelen doganlarynyñ, patyşa zulmyna garşy göreşine ýardam berip başalaýarlar. Taryhçy Bibi Lugaşovanyñ hem-de H.Ataýeviñ maglumatlaryna görä giýñ ýaýran bu gozgalaña Babagylyç, Şyýhy Düýeji we Esen han ýolbaşçylyk edip, Ruslara birnäçe gezek berk zarba urmagy başaryp, ruslaryñ ok-ýarag we azyk daşaýan kerwenini talamagy başarýarlar. Türkmenleriñ gozgalañy, 1916-njy ýylyñ oktýabr, noýabr aýlarynda hasam güýjeýär.

    1905-nji ýylda Britanýa-Orsýet arasynda baglaşylan ylalaşyk esasynda Eýranyñ demirgazygyna kontrollyk etmegi Ruslar gazandylar, olar Hazar ýakasyndan Çata çenli ençeme harbi merkezlerini döredýärler. Rus saldatlary arkaýyn Gürgen Türkmenleriniñ arasynda manýover berýärdiler, eýläp-beýläk hereket edýärdiler. Türkmenleriñ bu gezekgi gozgalañy basyp ýatyrmak üçin Türküstanyñ gubernatory Kropatkin, Syrderýa oblastynyñ gubernatory general Madritovy Gürgene iberýär. Agyr ýaraglar, plemutlar we toplar bilen ýaraglanan Madritovyñ atrýadyna Astrabatda gulluk edýäñ polkovnik Tabavov, Gürgende gulluk edýän polkovnik Strýalkoskiniñ topary-da goşulýar.

   Misiýanyñ ilkinji maksady gozgalaña ýolbaçylyk edýäñ Türkmenleri ýok etmek, olaryñ ok-ýaragyny almak, mal-garalaryny talamak we fronta adam ýygnamak diýilip yglan edilýär. Misýanyñ ýörişi ilerden-gaýrak, ýagny Etrekden, Gürgene, günbatardan-gündogara ýagny Çekişlerden Astrabada çenli bellenýär. Bu ýereler zarba urmak üçin niýetlenen üç rota bir wagtda hüjüme başlamly edilýär.

   General Madritovyñ goşuny 4-nji dekabrda Astrabadyñ etegindäki Akgalany basyp alýar we ol ýerde harby karargäh döredilýär. Madritovyñ ýolbaşçylygyndaky goşun nirä barsa ýakyp-ýykýardylar, adamlary esir alyp, mal-garalary talaýardylar. Annamuhammet Garaş hanyñ ogly Han Ýomudyñ habar bermegine görä Madritovyñ operatsiýasynda 5 müñ at, 100 müñ goýun, haly, keçe we kümüş talanýar, Madritovyñ öz. 64 put kümiş, 82 sany haly talaýar.[1]

 

   Tiz wagtyñ içinde basylyp ýatyrlan Türkmenleriñ gozgalañyndan soñra, talanan mal-garalaryñ Orsýete alnyp gidilmegi barasynda 1917-nji ýylyñ 4-nji ýanvarynda üç sany komitet işe başlaýar. Eýranyñ Daşary işler ministerliginde saklanýan ahiv dokumetlerde, Ruslar Türkmen topragyny basyp almagy, Gürgen Türkmenlerini Zakaspiýe göçürmegi, Gürgen derýasyny araçäk edip bellemegi we Akgalada gümrük hana döretmegi makasat edinipdirler.

   Gürgeniñ baý topragy, urşa gatnaşan harbylara minnetdarlyk üçin paýlanyp berilmelidigi barasynda Türküstanyñ harby gubernatory maýor Sobors ýörite perman çykarýar.

    Türkmenleriñ şeýle talanmagyna, horlanmagyna göz ýumup durup bilemdiklerem bolupdyr. Rus goşunynda gulluk eden we polkovik derejesi alan Annamuhamet ogly Han Ýomut, Türkmenleriñ wekili hökmünde Aşgabat oblast komissaryna telegramma ýolap, Türkmen topragyndaky harby operatsiýanyñ haýa etmän ýatyrylmagyny, talanan mal-garalaryñ eýelerine berilmegini, ýörişde ziýan görenlere garamat tölenmegini berk talap edýär. «Türkmenleriñ arasynda häzir açlyk höküm sürýär, gadagan edilen Türkmenler bilen söwda işiniñ gaýtadan ýola goýulmaly, bu işi Gürgen goşun komandiri ýerine ýetirmeli» diýip, Türkmenleriñ wekili Han Ýomut telegrammasynda nygtaýar.

   Türkmenleriñ göwnini tapmak, olaryñ indiki gozgalanynyñ öñüni almak makasady bilen, aýry trapadan Orsýetde patyşa garşy boýlan gozgalañlaryñ möç almagy netijesinde Türkmenlere garşy edilen jenaýatyñ öwezini doldurmaga çalyşylmaýardy. Aşgadaky dokumetde-parsça- rus goşunynyñ Gürgenden çykarylmagy we ýetirlen ziýanlaryñ öweziniñ doldurulmagy barasynda komisýanyñ kabul eden karary görkezilýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Goşuny çykarmak barada

 

 

Eýranyñ Milli Arhiv merkeziniñ dokumentlerinden

  

 

 

 



[1] Turkmenovedeniýa jurnaly Aşgabat 1927. Nr.1. s.15