Birinji Dünýä Urşy we Türkmenleriñ herektiniñ has güýjemegi

 

   Germanyýanyñ, Orsýete urş yglan etmegi patyşanyñ halklara gysyşyny, zulmuny artdyrdy. 1916-njy ýylyñ 25-nji iýul permanynda patyşa, tillerde, harby fabriklerde we demirýollarda işlemäge adamlar fronta çagyrylýar. Bu permany ýerine ýetirmek üçin Türküstanyñ gubernatory general Kropatkin 19-43 ýaşlar arasyndaky erkekleriñ fronta gitmelidigini jar edýär. Zakaspiniñ harby ýolbaşçylary bu karary ýerine ýetirmek üçin maslahat üstüne maslahat geçirýärler. 1916-nji ýyyñ 12-nji iýuldaky maslahatynda Aşgabat garnizonynda general maýor Kalmakov, gen-leýtenat Doplitski, polkovnik Bilanoviç, Marydan polkovnik Persion Soltan, pol. Testokov… dagy oba ýerlerden adamlaryñ ýygnalmagyny geñeşýärler. Ýöne Türkmenler fronta ýigitlerini, atdyr, düýelerini bermekden boýun gaçyrýarlar. Türkmenleriñ patyşanyñ permanyna garşy durandyklary barasynda Astrabatda, Britanlaryñ agenti bolup işlän Maksudlu gyzykly maglumat berýär.[1]

 

   1890-nji ýyllarda patyşa hem onuñ köşgüni goramak üçin Türkmenlerden düzülen ýörite topar Petrburgda iberilýär, ol topara başda rusça «diki»(wagşy) diýlen bolsa soñra «Teke polki» ady bilen meşhur bolýar. 1-nji jahan urşuna general Lavr Kornilov şu topary-da alyp gidýär we ony öz komdirligi astyna alýar. Kornilovyñ Türkmençäni suwara bilendigini, Türkmen atlylarayna aýratyn syýalg-hoemat goýandygyny taryhçylar ýazýarlar. Bolşeviklere garşy göreşde ýeñlilip tussag edilenden soñra onuñ atly topary dargaýar we Kornilovyñ ofiserlerinden Türkmen ýigidi Han Hajyýev dagy daşary ýurda sygynýar. [2]

 

 

Genral Kornilov

 

     

Teke polki Avstriýada (Salar hanyñ arhyvyndan. Yran-Torbet Jam)

 



[1] Muhaberat-e Astrabat. Maksudlu.  Yrej Efşar.Tehran 1363

[2] A.Baýryýev: Teke polki we general Kornilov-makalasy. Azatlyk Radiosynyñ materiallaryndan