20-nji asyryñ başlarynda Zakaspi oblastynda

revolutsiýon hereketiñ möwç almagy

 

   Zakaspiniñ gubernatorynyñ alyp barýan zalym syýasatyna garşy gozgalaña baş goşýan Türkmenler we beýleki halklaryñ sany artýar. 1902-nji ýylyñ 25-nji martynda «Aşgabat intellegentsiýa»larynyñ adyndan ýaýradan beýannamalary bilen öz hereketleriniñ başlanandygyny habar berýär. Onda şeýle diýilýär:

«Aşgabadyñ intellegentler topary, Aşgabat grajdanlaryny Patyşa garşy aýaga galmaga çagyrýar!

Aşgabadyñ grajdanlary! 1902-nji ýylyñ 8-nji fevralynda Peterburgda aýaga galan studentler urlup ýenjildi, biziñ ýerli häkimimiz-de şol urlup-ýenjilmegi goldady, şoña görä biz Aşgabadyñ intellegentleri bu herekete garşy dymyp durup bilmeris.

Jenaplar! Aşgabadyñ ýaşaýjylary! Hökümetiñ ýalan sözlerine ynanmañ!... Orsýet, Türkmen topragy ýaly däl, ol ýerde eden-etdilige ýol berilmez, biz ol studentler bilen raýdaşlygymyzy yglan edýäris…»[1]

  

   Gozgalañ daýhanlaryñ arasynda-da möwç alyp başlaýar. 1903-nji ýylyñ 20-nji maýynda «Ýalawaç» oba daýhanlary, Meñli han we Teke han diýen baýlara garşy şykaýatlaryny general gubernatora hat üsti bilen ýetirýärler. Onda baýlara garşy gozgalañ turzup, zyndana atylan 24 sany daýhanyñ azat edilmegi islenipdir.

 

   1905-nji ýylda Orsýet-Ýaponýa arasyndaky urşdan bizar-peteñ bolan orsýetliler, «konistitutsiýon» ýagny esasy kanunyñ düzülmegini talap edip baş göterýärler. Ýeri gelende şular ýaly hereketler şol döwürde Eýranda-da, Türkiýe-de möç alyp başlandygyny ýatlaýlý. Şeýle ynkylaby hereketleriñ şemaly Türkmen topragyna-da gelip ýetýär. 1905-nji ýylyñ 9-nji fevralynda Gyzylarvadyñ demirýolçylary gozgalañ turuzýarlar. «Askhabat» gazetiniñ şol günki sanynda işçileriñ, iş şertleriniñ, zähmet haklarynyñ artdyrylmagyny talap edip, iştaşlaýyş yglan edendiklerini habar berýär.

   Türkmen topragynda bolup geçýän bu gozgalañlar, ilkibada Türkmen bolmadyk halklaryñ wekilleri tarapyndan başlananam bolsa, ol dura-bara heniz Gökdepe şehitleriñ gany gözöñlerinde gaýnap duran Türkmenleri-de aýaga galdyrýar.

   Beýle gozgalañlardan gorkan ýerli häkimiýetler hatta aýdym-saz üçin ýygnanmagy-da gadagan edýär. 1905-nji ýylyñ 12-nji oktiýabrynda Zakaspi oblastyñ gubernatory general maýor Kosagovski şeýle kararyñ kabul edilendigini jar edýär:

1.     Şäherde köpçülikleýin ýöriş ýa-da demonstratsiýa gadagandyr.

2.     Gara ýa-da gyzyl baýdak götermek gadagandyr.

3.     Ybadathanalardan başga ýerde, köçelerde dini merasimi ýerine ýetirmek, ýas tutmak we şoña meñzeş işler diñe harby komandiriñ rugsaty bilen geçirilip bilner.

 

   Zakaspiniñ ilkinji syýasy «Sosýal Demokrat partiýasy» 1906-njy ýylyñ 18-nji iýulynda döreýär. Onuñ ýolbaşçylygyna:

1.Şagadamdan- Silinski

2.Gyzylarbatdan- Rostovski

3. Aşgabatdan- Georgi  dagy saýlanýar.



[1] Türkmenistanyñ taryhy boýunça hrestomatiýa. S.197